09:10
Şygryýetiñ we şahyrlaryñ jemgyýetdäki orny
ŞAHYRLYK YKBALMY ÝA KÄRMI?!

■ ŞYGRYÝETIÑ WE ŞAHYRYÑ JEMGYÝETDÄKI ORNY

Edebiýat dünýäsi diýseñ syrly we jadyly dünýä. Bu jadyly dünýäniñ taryhy müñlerçe ýyllaryñ jümmüşine aralaşyp gidýär. Şol sanda türkmen edebiýaty ýaş babatda-da, köpöwüşginliligi bilenem, gory boýunça-da, tematikasy we many-mazmun taýdan alanda hem Gündogar edebiýatynyñ aýrylmaz bir bölegi hökmünde dünýä edebiýatynyñ taryhynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.
Gadymy döwürlerde şahyrlara aýratyn hormat bildirilipdir. Olarda adatdan daşary zehin bar hasap edilipdir. Häzirki döwürde metbugat, telewideniýe, internet jemgyýetde nähili orun eýeleýän bolsa, şahyrlar we şygryýet hem gadymy döwürlerde şol wezipäni ýerine ýetiripdir.
Mysal üçin, Hezreti Muhammet (s.a.w) pygamberligini yglan edip, yslam dinini wagyz edip ugranda Esma binti Merwan we Ebu Afak ýaly şahyrlar ýazýan goşgulary bilen şol wagtky jemgyýetiñ garaýşyny belli ugurlara gönükdirmegi başarýarlardy. Özem bu prowokator şahyrlar hut Pygamberimiziñ agasy Ebu Lehep tarapyndan goldaw berilip, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) garşysyna öjükdirilýärdi. Esma binti Merwan we Ebu Afak köpçüligiñ añyny bulaşdyryp, nadan halky öz bet pygyllary üçin peýdalanmagy ussatlyk bilen başarýardylar. Hezreti Pygamberimiziñ jemgyýete getiren täzelikleri bolan gyz çagany diriligine ýere gömmegi gadagan etmegi, zenanyñ hukuklaryny ykrar etmegi,  hun (gan algy) dawasyny haram hasaplamagy, guluñ öz hojaýyny bilen deñ hasaplanmagy we ş.m demokratik üýtgeşmeler elbetde, şol wagtky Mekge oligarhiýasynyñ bähibitlerine, şol sanda olaryñ söwda gatnaşyklaryna ters gelýärdi. Ýogsam bolmasa Mekge şäheri şol wagtlar dünýäniñ dinler boýunça iñ hoşniýetli şäherleriniñ biridi. Muña garamazdan ol ýerde diñe yslam dinine erkinlik ýokdy. Ýokarda ady agzalan iki şahyr Hezreti Muhammediñ tarapdarlarynyñ artmazlygy üçin üç ugurlaýyn propoganda ýöredýärdiler. Ýagny;
Muhammet:
- Eýranyñ jansyzy;
- Ol aklyndan azaşan;
- Ol watan dönügi.
Bu propagandany garran Ebu Afagyñ Mekge köçelerinde aýdyp gezen şu goşgy setirlerinde aýdyñ görmek bolýar:

"Köp ýaşadym, emma görmedim beýle,
Ençe ýurtda, ençe halklarda şeýle.

Ygrarda, ynamda, dürstlükde deñsiz,
Kaýlanyñ* neslidir şoñ ýaly kemsiz.

Çökermeklik üçin dyza olary,
Sarsgyna berdiler belent daglary.

Bu gün aramyza bir atly girdi,
Bizi pyçak deýin böldi, aýyrdy.

"Bu sogap, bu günä!" gepleýär dynman,
Höküm berýär töweregne garaman.

Elpe-şelpelikmi göze deginen?
Ol atlynyñ guly bolup öwünen.

Haýp! Nebsim agyrýar, onda nämüçin?
Gitmediñiz arkasyndan Tubbanyñ.**

♧ Bellik:
1.  Kaýla* - Ews we Hazreç taýpalary.
2. Tubba** - Günorta Arabystanda bir hökümdaryñ ady.

Kän wagt geçmänkä Ebu Afagyñ propogandasyna Esma binti Merwan atly aýal şahyr hem ýoldaşlyk edýär:

" Eý, siz Mälik bolan hem Nabit asly,
Sizsiñiz Ewsiñ we Hazrejiñ* nesli.

Emma ol Myradyñam Maduliçiñem,**
Nesli däldir biliñ, bu täze dörän!

Başsyz galyp göwün berdiñizmi ýa,
Neçüýn ymtylýañyz, açmydyñyz ýa?

Ýokmy arañyzda sözün ýöretjek,
Siziñ munça äwmezligñiz düzeltjek?

Gelsin, arañyza size seretsin,
Aldananlañ umydyny ýok etsin!

♧ Bellik:
1. Ews we Hazreç* - Mekge taýpalary,
2. Myrat we Maduliç** - Ýemen taýpalary)

Mekge metbugatynyñ öñdebaryjylary bolan şahyrlar gijesini gündiz edip işleýärdiler we bu elbetde iman getirýänleriñ sanynyñ artyp gidibermezligine belli bir derejede täsir edýärdi. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) harby hereketlerdäki ýeñişleri, Mekgäniñ öldürilen kethudalary we munuñ netijesinde Mekdede ýagdaýlaryñ üýtgemegi başga ýollara ýüz urmagyñ gerekdigini görkezýärdi. Hut şonuñ üçinem Hezreti Muhammet (s.a.w) prowokator şahyrlary ýok etmegi niýetine düwýär. Muny birnäçe sahaba "söz azatlygyna bolan urgy" hökmünde tankyt edenem bolsa, Pygamberimiz olara: "gaýtam bu tetellileriñ barlygy zerarly söz azatlygyna palta urulýar" diýip jogap beripdi.
Myjabatçylykly we şyltak atyjylykly propogandanyñ ýoguna ýanmak söz azatlygyny üpjün etmek üçin edilmeli ilkinji işleriñ biridir. "Gurhanyñ" "Şuara" süresiniñ 224-nji aýatynda:

"Şahyrlar babatda aýdanda, olara ýolundan azaşanlar eýerer" diýilýär.

Eýsem, ýolundan azaşanlar kim? Aslynda "Gurhanda" agzalýan "şahyrlar" kim? "Gurhandaky" "şahyrlar" hut Esma binti Merwan we Ebu Afak ýaly köpçüligiñ gözüni gapyp, olary başga ugura gönükdirýän şahyrlardyr. Ýogsam bolmasa, Pygamberimiz hiç haçanam şahyrlary özüne duşman hasaplamandyr. Gaýtam onuñ Hassan ibn Sabit, Abdylla ibn Rewaha ýaly şahyr dostlary bolupdyr. Pygamberimiziñ agasy Ebu Talyp hem irki döwür arap poeziýasynyñ görnükli wekili hasaplanylýar.
"Ýolundan azaşanlar" babatda alanda bolsa, "Gurhan" hapa niýetli şahyrlaryñ bendisine öwrülen halk köpçüligini we olaryñ ýallakçylaryny göz öñüne tutýar. Şol sanda olara nälet okaýar. Agzalan aýatdaky "şahyrlara eýermek" jümlesini şu günüñ problemalaryna düşünmän okasañyz, "Gurhan" şahyrlara, edebiýatçylara garşy gidýändir öýtmegiñiz mümkin. Ýöne muña beýle düşünmeli däl, "Gurhanyñ" ol aýatyny şu günüñ ýagdaýlaryna görä okajak bolsak, şeýle netije orta çykýar:

"Şahyrsumaklara we olaryñ ýöredýän propogandasyna diñe ýolundan azaşan we nadan ýallakçylar eýerýändir!"

Yslamdan öñ şahyrlar arap jemgyýetinde möhüm orun eýeläpdir. Olaryñ sözi kanun hasaplanypdyr. Hut şygryýetiñ jemgyýete bolan şeýle uly täsiriniñ bolandygy üçin "Gurhan" poetik tradisiýalarda inderilipdir. Munuñ üçin mahal-mahal "Gurhanyñ" jadylaýjy täsirine özlerem maýyl bolan müşrikler Hezreti Muhammedi şahyrdyram öýdüpdirler.
Hezreti Muhammet (s.a.w) ýokarda ady agzalan iki müşrik şahyryñ ýoguna ýananyndan soñ kän wagt geçmänkä Mekge eýelenipdir, çünki halkyñ añyny bulaýan hapa-haşal propogandalaryñ köki gazylypdy, netijede özbaşdak pikirlenmäge hukuk gazanan halk köpçüligi nämäniñ nämedigine gowy düşünipdi...

Edil häzirki günlerde hem dürli bet pygyllary maksat edinen we özüne tarapdar toplamagyñ hatyrasyna köpçüligiñ añyny bulaýan, garşydaş hasaplan tarapyny ýekirmek üçin dürli nejasatlaryny pürkmekden, ýalan gep-gybatlary, töhmetleri ýaýratmakdan gaýtmaýan prowokatorlaryñ seljerilmegi we olaryñ kirli propogandasyndan ýüz dönderilmegi, olaryñ köküniñ guradylmagy hökmanydyr.

Has TÜRKMEN.
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 361 | Добавил: НаS | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: