07:42
Gözler...
GÖZLER...

"Gözler kalbyñ aýnasydyr..."
Ahmet Seljuk Ilkan.


Eý, gamhory janany dil,
Apaty jan, bu ne sudur?!.
Çigildem göz, gyrmyzy gül,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Pynhan pynhan duýgularyñ,
Aýanlyga gaýmasydyr.
Sokurlara men neýläýin?!.
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Ynjap ýadan ýürekleriñ
Yşka tarap taýmasydyr.
Iki dünýe gereklärin,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Duýgularny hemdeminiñ
Huzurynda goýmasydyr.
Gözleginde syrdamynyñ,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Mynasybyn tapan ruhuñ,
Äleme nur çaýmasydyr.
Ýüzi düşmesin arwahyñ,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Buk menden, saçyñ tözleme,
Onsuzam men kölge, sudur...
Dur... diñe seret, sözleme!
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Has TÜRKMEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: НаS | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: