03:24
Umyt düşelgesine pelsepeler syýahaty
Şähribossan Geldimämmedowa

▶ UMYT DÜŞELGESINE
PELSEPELER  SYÝAHATY

Ýürek kalpda heserim,
Göwrede bikararym.
Bu jana derdeserim,
'Eý, ömre bikaramym.

Eý, meň  tylladan tarlym,
Tylla taryň üzerler.
Men saňa dözmesem-de,
Ikimize dözerler.

Ymaratyň ýer bilen,
Ýegsan eder apytap.
Salyp bizi holtumna,
Towlanar çarhy-girdap.

Äwmän gaýarys gökde,
Egne daňan gülberme.
Ýolda mynajat okap.
Munda şuglaýy Isaň,
Sejde eden ýerlerne.

Duşar bize pelegiň,
Pamyk kibi guwlary.
Gök olaň mesgenidir,
Permany bi pelegiň.
Eý, ýürek, ejizleme,
Seret, bulut, dag-dere.
Ahmal bolsaň aw borsuň,
Ýedi başly Aždara.
Pelekden barmy öýkäň.
Seret, eý, waý, aşakdan,
Gelýä gara net bilen,
Gezelen gara peýkam.

Jan almakdyr hyýaly,
Görüp Gaýtarmyş ata,
Gaýtar-da gara päli,
Gaýtar-da gara päli!

Ýürek, çyda azajyk.
Düýaňokmy gunçalaň,
Ysy gelýär bark urup,
Oňa tiz ýetişeris,
Sakar ganyň sarkdyryp.

Şol arman dagyna çykyp,
Bu gara başy ýaýkadym.
Oň ýylçyr gara daşyna,
Ýaraly döşüm oýkadym,
Gan öýlen ýaşym oýkadym.
Ýa dünýäň ýüzi çöwremi,
Ýa dünýäň, özi çöwremi,
Gaýadan jorlady ganym,
Bu dagyň eleme-deşik,
Sagrysyny sypalap.
Gaýadan ugrady ganym,
Daşlar üste çapalap.
Ulugyz deý sülmüreýän,
Ýaşyl şemalyň köwsarlap,
Mahmal sesiniň diňmesi,
Çümdi hijranyň iňňesi.
Bahar gelse erkin alyp,
Eňkin alyp,
Beýhuş eden gülälekleň,
Gana batdy üzeňňisi.
Men ganyma ýer tapmadym,
Men janyma ýer tapmadym.

Ýürek, urýaň-la agyryp,
Kysmat saldy kölege.
Gaýaň üstünde bagyryp,
Gargamaly pelege.
Taňrydan medet dilärin.
Çözüläýse eger ýolda,
Öýmämiň ujundan ýyrtyp,
Sargylarňy täzelärin.

Eýýäm gözlerni süzüpdir,
Şapakda irkildi iňrik.
Şemal saçlarmy çözüpdir,
Sypamakdan halys irip.
Görsem otlanan asmanam,
Gara çadyryny çekip.
Damagy dolup bulutdan,
Zemine gözlerni sykyp,
Ýaşy ýere ýazylypdyr,
Gögüň köňli bozulypdyr.

Ýüregim, gideli gel,
Al-arwaha el berme.
Ýolda mynajat okap,
Munda şuglaýy Isaň,
Sejde eden ýerlerne
Ýogsa oň Hak sylamyş,
Didaryn görme ýokdur,
Ýa köňül berme ýokdur,
Ugraly keç takdyryň,
Kararyna ten berip,
Ah, ýalbaryp.

Takdyra soňky haýyş,
Tap getirmez sarç beden.
Gözlerňi ýüm-da sogur,
Çek peýkamyň kebzeden.
Niçiksi jezam bardyr?
Pellä ýetmez ýaradar,
Bu ýolda kazam bardyr.
Agam ýokdur öläýsem,
Ycte gümmez galdyra.
Küýsedigim ýar ýokdur,
Mähri bile gandyra.
Ýüregim, gideli gel,
Bakman şatlyk-gamyna.
Jan bereli goýnundan,
Jaý bermedik Zemine,
Paý bermedik Zemine!
Категория: Goşgular | Просмотров: 406 | Добавил: НаS | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 2.3/3
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: