13:07
Mode Oguz hanmydyr
MODE OGUZ HANMYDYR?

Mundan ýüz ýyla golaý öň, türki halklaryň taryhyny Hytaý çeşmeleri arkaly öwrenýän alym Iakinf Biçurin, miladydan ozalky III asyrda, hytaý sebirlerinde döwlet guran Hun serkerdesi Metde hanyň, ýagny Modeniň (hytaý çeşmeleride Mao Dun) Oguz han bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikiri orta atdy. Oňa başga-da goşulanlar boldy. Soň-soňlar şol pikire türkmen alymlaryndanam gol ýapanlary tapyldy.
Türki halklaryň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly işler bitiren L.N.Gumilew bolsa özüniň “Gadymy türkiler” atly saldamly işinde “türk” söz-ä V asyrda Aşynalar bilen baglylykda, hytaýça “güýçli”, “çydamly” diýen Manyny berýän “tu-kýu” sözünden, “oguz” sözi bolsa VI– VII asyrlarda dowam eden göktürkiler döwleti (Türk kanagaty) döwründe “taýpa”, “bölek” aňlatmasy görnüşinde ýüze çykypdyr, diýen çaklamany öňe sürdi. Ol hususan-da şeýle diýdi: “...Şeýlelikde, “oguz” sözi “taýpalar” diýen Manyny aňladyp, soň etniki ada öwrülipdir. Soňabaka “budun” sözi kimin o-da öz ähmiýetini ýitiripdir we türkmenleriň legendar nesilbaşysy Oguz hanyň adyna öwrülipdir”.
Egerde, Gumilýowyň ýokarky sözlerine gulak assaň, onda Oguz han diýen adam, “oguz” dýen halk asyl-ha bolmandyram. Biz munuň beýle däldigi barada aşakda durup geçeris, ýöne, onuň “türk” sözüni düýn-öňňünki dörän Aşynalardan alyp gaýtmakçy bolşunyň ýalňyşdygyny subut etmek üçin welin, Aşynanyň Hun serkerdesem däl-de, hun döwletini syndyran, has irki döwürlerde “sarwi”, “sirwi” diýlip atlandyrylan, häzirki mongollaryň aňyrsy hasap edilýän sýanbillerdendigini, onuň meşhur “bäş ýüz öýlüsiniň” bolsa goňşy oturan döwürleri hunlaryň hytaýlardan, sýanbileriň hut özlerinden basyp alan dürli taýpalaryndan ybarat bolandygyny ýatlap geçmekligiň özem ýeterlikdir. Geň ýeri munuň şeýledigini onuň hut özi, öz eli bilen ýazýar. “Türk kaganlygy” barada gürrüň berip, “oguz” sözünem şol döwrüň içinden döretjek bolup eňip oturşyna bolsa, hut şol bir wagtyň özünde, öz-özüniň atlandyryşy ýaly Aşynalaryň “türkütlerinden” demirgazykda bir ýerde oguzlaryň (guzlaryň) aýratyn bir halk hökmünde ýaşap ýörendiklerini habar berýär we şeýlelikde indi ikinji gezek öz-özüne garşy gidýär. Diýmek, alymyň eli ýazsa-da beýnisi şol zatlar bilen ylalaşMandyr, “türk”, “oguz” sözüniňem, şol ady göterýän halkyňam, şol halkyň serkerdesi Oguz hanyňam eýesiniň salgy berýän döwründen has irräk zamanlara degişlidigini beýni özüniň millionlarça öýjükleri arkaly syzypdyr.
Oguz hanyň takyk ýaşyny, oguz halkynyň halk hökmünde kemala gelen döwrüni kesgitlemek elbetde, aňsat iş däl. Çünki, seljuklar döwründen aňryk geçdigisaýy oguz taryhynyň öwrenmesi kynlaşýar, bar bolan maglumatlar bolsa oguz taryhyny hakykatdanda Hytaý çeşmelerinde gabat gelýän hunlardan aňryk äkidip bilenoklar. Netijede, dessanlara, rowaýatlara bil baglamakdan başda alaç galmaýar. Şeýle-de bolsa taryhy wakalary, şahsyýetleri, gurlan döwletleri iň bolmanda wagt yzygiderliligi taýdan ýerbe-ýer goýmak, biri-biri bilen bulaşdyrmazlyk, zoraýakdan biri-birine ýanaşdyrmazlyk weli zerurdyr.
Taryhy çeşmelerden görnüşine görä, “tur” (türk” we “öküz” (oguz) atlaryny oguzlar ýokarda agzalan Hun döwleti döremezden müň ýyl ozalam, entek Orta Aziýada ýaýylyp ýören döwürlerem buýsanç bilen göterip ýördüler. Asyl şol döwür olaryň ata-baba mekanlarynyň adam öz hususy atlary bilen baglydy. Ýagny, Turandy. (Tur:an) bu bolsa turlaryň – öküzleriň – oguzlaryň ýurdy diýmekdir. Turlar baradaky maglumatlara biz miladydan öňki I we II müňýyllyklaryň örküjinde, Orta Aziýada dörän otparazçylyk diniň mukaddes kitaby bolan Awestada duş gelýäris. Şol ýerde turlar bireýýämler kemala gelen gadymy halk hökmünde öz serkerdeleri Afrasyýabyň (Awestada Franhrasýan) ýolbaşçylygy astynda otparaz arilere garşy örän gaýduwsyz hereketler edýärler. Halk bolsa hemişe öz adyndan uludyr we onuň halk hökmünde kemala gelen döwri adynyň duş gelýän döwründenem has irräk döwürlerden gözlenmelidir. Çünki, şol bir halkyň ady taryhy möwrütlerde telim gezek ýitýär, gaýtadan döreýär we ýene-de başga bir görnüşe eýe bolýar.
Ana, şol turlaryň – öküzleriň (oguzlaryň) belli bir bölegi biziň eýýamymzdan öňki II müňýyllygyň başlarynda käbir bölekleri bolsa ondanam öň, köp alymlaryň seresaplylyk bilen aýdyşlary ýaly dürli sebäplere görä, biziň pikirimizçe bolsa otparazçylyk dinini ündän ariler bilen bolan dini gapma-garşylykar sebäpli asly mekanlary bolan Merkezi Aziýadan – Turandan, has takygy şindiki Türküstandan örňäp Gündogara – hytaý, mongol sebitlerine tarap süýşüpdirler. Hytaýlylar olary “hunlar” diýip atlandyrypdyrlar. Professor A. N. Bernştam ýaly alymlaryň tassyklamalaryna görä, bu söz hytaýça “gelşiksiz gul” diýen Manyny berýän “hu-nu” sözündendir. Oguzlaryň ýewropoid keşpli halk bolandygyny, mongolpisint ýokundysynyň olara hytaý, mongol sebitlerine aralaşandan soň, garyşmak, gatyşmak arkaly ýokandygyny nazara alsaň bu çaklama hem gytaklaýyn Manyda tasa gelmänem duranok, çünki, “garga-da öz çagasyna akjam diýer”, diýlişi ýaly her bir halk özüni owadan, özüne meňzemeýänleri bolsa betgelşik saýýar. Şol sebäbe görä, hytaýlylara-da ýewropoid keşpli oguzlaryň betgelşik görnen bolmaklary mümkindir.
Ýöne, şeýle bolaýanda-da hytaýlylaryň turlara – öküzlere dakan hunlar diýen adyny “betgelşik gul” manysyny berýän “hu-nu” sözünden däl-de, hytaýça hem şol bir öňki, öküz manysyny berýän “hu-an” sözündendir öýdýäris we “tur” adynyň dakylşy ýaly öküzleriň hut öz atlarynyň başga bir halk tarapyndan indi ikinji gezek başgaça atlandyrylyşy, ýagny täze bir alloetnonim hökmünde garaýarys.
Biziň pikirimizçe, “güýçli”, “çydamly” diýen manyny berýän, alymlar tarapyndan “türk” diýlip okalan, ýöne has giç, ýagny Ý asyrda dörän “tu-kýu” sözüni hem hytaýlylar täzeden oýlap tapmandyrlar-da oguzlaryň gadymy “öküz” “tur” sözüniň yzyna köplük manyny berýän “k” goşulmasyny goşupdyrlar. Netije-de “tur” sözi “türk” görnüşine eýe bolýar, ýagny, şol bir halka degişli ýene-de bir, alloetnonim döredipdirler. Has takygy olar şol ady şol halka dakMandyrlar-da, olaryň şol bir atlaryny özleriçe aýdypdyrlar.
Çünki, “güýçli”, “çydamly” diýen söz hemişe, hemme halklarda diýen ýaly öküz sözi bilen Manydaş bolupdyr. Ol şu wagtam şeýle. (Öküz ýaly güýçli, öküz ýaly çydamly we ş.m.) Öküz sözüniň has gadymky tur warianty hem şonuň ýaly. Mysal üçin Öküz sözüniň sportdaky güýç synanyşyklary: Birinji tur ýa-da ikinji tur. Birinji güýç synanyşyk. Ikinji güýç synanyşyk. Ýeri gelende aýtsak, Hun döwletini esaslndyryjy Mode hem hunlaryň hytaýça “hu-an” taýpasyna degişli bolupdyr. Bu bolsa köp halkyýetlerden ybarat bolan federatiw häsiýetli Hun döwletiniň özeninde hut oguzlaryň, turlaryň durandygyny, Modeniň bolsa asyl-ha Oguz han däldigini, ýöne, hakykatdan-da oguz tur serkerdesidigini aňladýan sansyz subutnamaaryň biridir.
Modeniň Oguz han däldigini, onuň guran döwletiniňem asla ilkinji oguz döwleti däldigini, oguzlaryň dünýä sahnasyna has irki döwürlerde çykandyklaryny, iň bärkisi oguzlaryň ýa-da olary taryhyň has irki gatlaklarynda görüp bilmeýän, belki-de göresleri gelmeýän käbir alymlaryň dili bilen aýtsak prototürkileriň Turandan çykyp hytaý sebitlerine aralaşanlaryndan soň, miladydan ozalky 1200-nji ýylda, Mdeniň guran döwletinden 900 ýyl öň hem bir döwlet gurandyklary arkalam subut etmek mümkin. Türk alymlarynyň, hususan-da doktor Anil Çeçeniň tassyklamagyna görä bolsa, türki halklaryň ady hytaý çeşmelerinde ondanam ir, ýagny miladydan öňki 1400-nji ýyllarda hem gabat gelýär. Şonuň üçinem ine şol döwleti guran adam Oguz han bolaýmasyn diýen pikir orta atylaýsa, gyzgyn jedellerden bir gyra çekiläge-de, birazajyk böwrüňi diýäýseňem bolman durjak däl. Ýöne, bilermenler welin Oguz hanyň ondanam has irkiräk döwürlerde ýaşap geçen bolmagynyň ahmaldygyny dillerine getirýärler.
Mysal üçin XIV asyr musurman taryhçysy Fazlallah Reşideddin boýunça Oguz han miladydan ozalky VII asyrda, mundan 2700 ýyl öň;
XVII asyr taryhçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň pikiri boýunça, miladydan ozalky IV müňýyllygyň ahyrlaeynda, Keýumers döwründe, mundan alty müň ýyl owal;
Döwürdeşimiz, folklorçy Ata Rahmanowyň pikiriçe miladydan ozalky V müňýyllygyň ahyrlarynda mundan 7000 ýyl öň;
Türkmen edebiýatçysy, professor Nazar Gullanyň ylmy barlaglaryna görä, mladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlarynda, 4000 ýyl mndan öň ýaşap geçen bolmaly.
Görşümiz ýaly, Oguz hanyň ýaşap geçen döwrüni salgy berýän awtorlaryň hiç birem Modeniň ýaşap geçen zamanasyna çenli aşak düşmeýär. Şol görkezilýän seneleriň içinde Reşideddiniňkiden özgesi hatda hytaý sebitlerinde, miladydan ozalky 1200-nji ýylda gurlan hun döwletiniň zamanasyndanam has aňyrda. Reşideddiniň Oguz hany bilen Modeniň arasynda-da dört ýüz ýyldan gowrak wagt ýatyr. Beýleki awtorlardan haýsam bolsa biriniňki dogry bolup çykaýsa welin, onda Oguz hany oguzlaryň, ýagny, turlaryň hytaý, mongol, Altaý, Sibir sebitlerine aralaşan döwürlerindenem däl-de, entek Turanda oturan döwürlerinden gözlemeli bolar. Ähli türki halklaryň hökümdary hasap edilýän, öz ygtykadyny gorap otparaz arilere barlyşyksyz göreş alyp baran, tur serkerdesi Afrasyýap, ýagny, Tunga alp är, onuň kakasy Peşeň ýaly patyşalardanam öň ýaşap geçen bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem kelle döwmeli bolar. Çünki, Oguz hanyň ýaşan döwrüni salgy berýän awtorlaryň Reşideddinden öňňesiniň görkezýän wagty hakykatdan-da Awestada, miladydan ozalky II müňýyllygyň içinde hereket edip ýören Afrasyýabyň döwründenem has irki döwürlere baryp direýär we Oguz han oguzlar (turlar) hytaý sebitlerine baransoň däl-de, eýsem şu toprakda, Turanda otyrkalar ýaşap geçen bolaýmasyn diýen sorag öz-özünden örboýuna galýar.
Ýöne, oguz taryhynyň ýeke-täk çeşmesi bolan “Oguznama” ser salsak welin, Oguz hanyň ýaşan döwri oguzlaryň gündogar ülkelere aralaşan döwrünlerine gabat gelýän ýalam bolup dur. Sebäbi beýan edilýän ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsi, jugrafiki ýagdaýy, ýerleşişi şol ýerleriň tebigaty bilen ras gelýär. Goňşularam şol etrapyň halklary Otparazlar däl. Öz aýdyşlary ýaly, “ýonma agaç taňryly gäwürler”. Ýagny, buddistler ýa-da hersi bir zadyň şekline uýup ýören köphudaýlylar.
Şeýle-de bolsa, birinjiden-ä Turan ýurdunyň iňňän giň bolandygyny bir ujunyň Týan-Şan daglaryna çenli baryň ýetýändigini, Orta Aziýadan lükgeleýin süýşmezden öňem oguzlaryň şol giňişliklere ýaýrandyklaryny, hut şonuň üçinem şol çäklere Turan diýlendigini we oguz hanlarynyň, şol sanda Oguz hanyňam şol giň ýurduň islendik künjegini mekan tutunyp, merkez edinip ýaşap biljekdigini nazara almagymyz gerek. Galyberse-de Nuh pygamberiň ogly, türki kowumlaryň iň irki nesilbaşysy hasap edilýän, Türküstan ýurdunda ýaşan Ýafysyň ýazlagynyň “Oguznamanyň” salgy berşine görä, Ynanç şäheriniň golaýyndaky Urtakda we Kurtakda (Urdag we Kur dag. Abylgazynyň döwründe bu daglara Uly dag we Kiçi dag diýilýär eken. Ol Ur dagy we Kur dagy Oguz hanyň atasy Gara hanyň ýaýlagy diýip görkezýär. Garahanyň Ur han, Kur han diýen doganlary hem bolupdyr.), gyşlaklarynyň bolsa şol ýerlerden daş bolmadyk Garagumda (Karakurum), Barsuk diýen ýerde ýerleşendigini, şol ýerlerde iki şäheriň: Talas we kyrk sany tylla derwezeli Saýram şäherleriniň bolandygyny hem ýatlamagymyz gerek.
Görşümiz ýaly oguzlar ýurdunyň jugrafiki gerimi diýseň giň. Onsoňam dilden-dile geçip gelen dessanlara, rowaýatlara, gürrüňlere gürrüňçiler tarapyndan her döwrüň ruhuna görä ruh goşmak, öz döwrüniň syýasatyna, dini-ygtykatyna, ýaşaýn ýeriniň jugrafiýa ýagdaýyna görä ýer-ýurt atlaryny, wakalaryň bolup geçýän ýerlerini üýtgetmek mahsus bolupdyr.
Modeniň öz döwletini hut hytaý sebitlerinde gurandygyna, özüniňem hut şol ýerde ýaşandygyna hiç hili şek-şühbe ýok. Emma azm eden ýurtlarynyň atlary, harby kartasy, tertip-düzgüni, goşun serenjamy, guran döwletiniň çäkleri Oguz hanyň guran döwletiniň ýaýrawy bilenem, tutumy bilenem düýbünden gabat gelenok.
Hun imperatorlygy bary-ýogy gündogarda Manjriýa, Günbatarda Hazar deňzine, aşakda Tibet, ýokarda Ural daglaryna çenli bolan aralygy öz içine alan bolsa, Oguz hanyň döwlet gerimi Demirgazyk Hytaý, Türküstan, Tibet, Hindistan, Orsyýetiň günortasyndaky Emba, Ural, Wolga derýalarynyň aşak akymlaryndaky Ural dag gerişleriniň iki tarapyny tutup ýatan daglyk, Demirgazyk Kawkaz, Eýran, Yrak, Şam, Müsür, Pereňistan ýaly ýerlere baryp ýetýärdi. Şonuň üçinem Oguz han bilen Modeni kybaplaşdyrmaklyga hiç hili esas ýok. Beýtmekligiň özi, gadymy ata-babalarymyzy , şol sanda Oguz hany hem miladydan öňki III asyra eltäge-de elinjek jaýlap gaýdybermekden, gadymy taryhymyzdan öz islegimiz bilen el ýuwup oturybermekden başga hiç zat däldir.
Ýene bir zada üns bermegimiz gerek. Ýagny, Modeni Oguz han bilen kybaplaşdyrylmagynyň tarapyny tutýanlaryň içinde, Modeniň 202-nji ýylda diňlileri, gypjaklary, gyrgyzlary özüne tabyn edendigini aýdýanlar bar. Modeniň hut özi babatdaky nukdaý nazardn garanyňda bu dogrudyr, çünki, onuň döwründe şol agzalan halkyýetler özbaşdak halk hökmünde taryhy sahnada göze ilýärler, emma Oguz han döwründe olaryň ýaňy bir nesilbaşylarynyň orta çykandygy aýdylýar. Iň bärkisi gypjaklary alyp göreliň. Olar barada Abylgazynyň “Şejeren täräkimesinde” şeýle diýilýär: “...Oguz hanyň bir begi göçün alyp baryp erdi. Özi uruşda öldi. Hatuny gutuldy. Iki suwnuň arasynda han keýinden gelüp erdi. Ol hatun hamyla erdi. Tolçagy tutdy. Gün sawuk erdi. Girmekge öý ýok. Bir çürük ýygaçnyň içinde ogul togurdy hana maglum kyldylar. Erse han aýtdy. Munuň atasy biziň aldymyzda öldi. Gamhory ýok tiýip ogul okundy. Adyny Gypjak goýdy. Gadym türk tilinde içi kawuş ýygaçny gypjak diýerler. Erkendir. Bu wagtda içi kawuş ýygaçny çaçak diýerler. Gara halkyň tili gelmeslikden kafny jim okunurlar. Şol gypjak turur, çaçak diýürler. Ol oglany han öz golunda saklady.
Orus we Olak we Majar we başgut illari ýagy erdi. Ýigit ýetgenden soň han Gypjakga köp nöker berip, il berip o ýakga, Tin we etil suwunyň ýakasyga ýiberdi. Ol Gypjak ýüz ýyl ol ýerlerde patyşalyk kylyp olturdy. Parça gypjak il anyň neslinden tururlar”. (Abylgazy Bahadur han. “Şejerem teräkime”).
Gyrgyzlaryň aňyrsynyň oguzdygy barada bolsa, Ata Jykyýew özüniň “Orta asyr zamanynda türkmen halkynyň kemala gelşi we gelip çykyşy barada oçerkler” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Gyrgyzlar birmahallar Altaýda ýaşapdyrlar. Şol wagt olaryň hany Kirgizkan ekeni. Nesilbaşylaryna bolsa Ukuzkan diýer ekenler”.
Nesilbaşylary özi bolsa, onda Oguz han hasap edilýän, III asyrda ýaşan Modeniň giden bir halka dönen gyrgyzlary nädip basyp alyp biljekdigini hem özüňiz göz öňüne getiriberiň.
Modeni Oguz handyr öýtýänleriň ýene bir tutaryklary – Modeniň ýigrimi dört taýpany birikdirendigi we şol sanyň “Oguznamadaky” oguz taýpalarynyň sany bilen deň gelýändigi. Käbir taýpalaryň bolsa atlaram gabat gelýärmişin. Goşun serenjamlaram, tertip-düzgünlerem, harby-nyzamlaram meňzeşmişin
Elbetde! Ol ikisi ýagny, oguzlar bilen hunlar aslynda bir halk bolsa şeýle bolman nirä gitsin?! Çünki, ýigrimi dört taýpa oguzlaryň taryhy durmuşynda has irki döwürlerden bäri hereket edip gelýär. Iň bärkisi mundan on-onbäş müň ýyl ozal Alýaskanyň, Bering bogazynyň üsti bilen Amerika kontinentine aralaşandyr öýdülýän gadymy türki taýpalaryň, şindiki indeýleriň “Popol-Wuh” atly mukaddes kitaplarynda hem olaryň gadymyýetde ýigrimi dört taýpadan ybarat bolandyklary, özleriniňem edil “Oguznahadaky” ýaly her biri on ikiden ybarat iki topara bölünendigi barada maglumat berilýär. (B. Orazow. “Watan” gazeti. 29-njy sentýabr . 1998ý.) Şonuň üçinem, Hun döwletiniň serenjamy bilen “Oguznamadaky” göze ilýän meňzeşlikleri seljereniňden soň, çaňňalyňa ilen çeňňegiň ujuny bärik däl-de, gaýtam ondanam aňyrrak, taryhyň has çuňrak ýerlerine tarap taşlamak gerek. Oguz hanyň hersi bir ygtykada uýup ýören ýigrimi dört taýpanyň hemmesini bir ynanja birikdirip, täze bir dini ynanç döredip pygmberlik derejesine ýeten, asly türki bolmadyk köp-köp halkyýetleri hem özüne tabyn etmek arkaly ägirt uly federatiw döwlet guran, iňňän gadymy şahsyýetdigine ynanmagymyz gerek.
Oguz han külli oguzy köphudaýlylykdan, birnäçelerini bolsa buta uýup ýörmekden halas edip, bir hudaýlylyk dinini – Gök taňra bolan ygtykady girizýär. Ýagny, Asmany Hudaý – Taňry diýip yglan edýär.
Bu hadysa Oguznamada görnüp dur. Onuň uýgur wariantynda Oguz han şeýle diýýär:
Eý, ogullar , men köp ýaşadym,
Uruşlary men köp gördüm,
Naýza birle köp ok atdym,
Aýgyr birle köp ýöredim,
Duşmanlarymy men ýyglatdym,
Dostlarymny men güldürdim,
Gök taňryga gulluk etdim,
Sizlerge berýän men ýurdum.
Şeýlelikde adamzat taryhynda Nuh pygamberden soň ilkinji gezek monoteizmiň düýbi tutulýar. Şu çaka çenli politeizme, ýgny köphudaýlylyga ilkinji zarba uranlar ýewreýler diýip düşündirýärler. Gürrüň miladydanozalky II müňýyllykda Musa pygamber tarapyndan döredilen iudaizm barada barýar. Emma Oguz hanyň Gök taňrysy ondan has irräkdir.
Gök taňra uýýanlara tä yslama çenli “gök türkiler”, “gök oguzlar” diýilipdir. Taňryçylygyň hem edil yslam ýaly birhudaýlylygy, taňryny tanamaklygy ündeýändigi üçin, oguzlaryň aglaba bölegi soň yslama höwes bilen kabul edipdirler.
Taňryçylyk ygtykadyndan galan sözler türkmenlerde şu günki günem edil öz döwründäkisi ýaly ulanylýar. Taňry sözi yslamyň ündeýän Allasy bilen bir hatarda durýar. Mysal üçin: “Eý, Taňrym!” (“eý, Alla!, Eý, Huda-aý!), “Taňryýalkasyn!” (Allaýalkasyn), “Taňrynyň haky üçin!” (Allanyň haky üçin), “Taňrysyny tanamaz” (Allasyny tanamaz), “Bikärden taňry bizar” (Bikärden Hudaýam bizar) we ş.m.görşümiz ýaly, Oguz han ýeke bir güýçli oguz döwletiniň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem umumyadamzat aňynda uly öwrülişik döreden birhudaýlylyk dininiň hem düýbüni tutujydyr.
Modeniň terjimehalynda welin beýle uly dereje ýok. Goşun serenjamynyň oguzlaryňka meňzeşdigine garamanan, onuň guran döwleti Oguz han türkmeniňkä görä ýeke bir çäk taýdan ujypsyz bolman, eýsem, gowşak hem bolupdyr. Çünki, köşkdäki tertip-düzgünleriň köpüsi milli häsiýetlere esaslandyrylmandyr-da, hytaýlylardan göçürilip alnypdyr, öz-özlerinden göwünleri hoş bolupdyr, birek-biregiň öwgüsine meýmireşmek keseline uçran Hun serkerdeleri ýurdy diýseň biweçlik bilen dolandyrypdyrlar. B ýadaý olary L. N. Gumilewiň sözleri bilen aýtsak, “zoraýakdan siwilizleşdirilen warwarlara meňzedipdir” we taryhy nukdaý nazardan alanyňda, döwlet iňňän basym dargapdyr.
Eýsem, şu döwletiň gadymyýetde ady äleme dolan, Şeýdaýynyň aýdyşy ýaly “kyrk şäherden hyraç alan”, Oguznamadan, agzeki rowaýatlarda we beýleki çeşmelerden görnüşi ýaly, ýer togalagynyň iki ýüzüne-de ýörüş eden oguzlaryň oguz döwletine, Metde hanyň bolsa şol uly döwletiň başynda duran meşhur Oguz hana meňzeýän ýeri barmy?
Elbetde ýok! Aslynda, gadymy taryhçylaryň içinde Modeni Oguz handyr diýenem ýok. Ol gürrüň başda belläp geçişimiz ýaly, soň ýüze çykdy.
Howwa, Oguz han gadymyýetden gözlenmelidir. Şonuň üçinem, gözleg we maglumat hökmünde şeýle hem sözümiz gury bolmaz ýaly Oguz hanyň ýaşan döwri barada biziň özümiziňem gyzykly bir çaklamany orta atasymyz gelýär.
Rim ýazyjysy Warronyň berýän maglumatlaryna görä, miladydan ozalky 2130-njy ýylda Ogigus atly bir hökümdar ýunanlar ýurdunyň (Gresiýa) Beotiýa welaýatyndaky Fiw şäherini esaslandyrypdyr. Has gyzykly ýeri, onuň serkerdelik eden halkam “oguguslar” diýlip atlandyrylypdyr.
Şeýle hem tutuş Beotiýa welaýaty “oguguslar ýurdy”, gurduran şäherem “oguguslar şäheri” diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa Ogugusyňam, oguguslaryňam hakyky ýunanlar däl-de, gaýry ýurtdan gelendigini aňladýar.
Açyk pyşgyrmanan, öňürti ýene bir mysala ýüzleneliň. Ýagny, edil şol döwür, miladydan ozalky III müňýyllygyň başlarynda, II müňýyllygyň ahyrlarynda Miken-Krit medenýeti pese düşýär. Muňa bir tarapdan ýunanlaryň özleriniň Kiçi Aziýa eden üznüksiz hem surnukdyryjy uruşlary sebäp bolan bolsa, ikinji tarapdan gündogar çeşmelerinde “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylýän haýsydy r bir halkyň ýunanlar ýurduna çozup girendigi sebäp bolýar. Ana, şol “deňiz adamlaryny” oguzlara ýanamak üçin bizde şeýle bir tutaryk bar: ýagny, has irkiräk döwürlerde Aral deňzi “Oguzlar deňzi” diýlip, şol deňziň boýunda ýaşaýan halklar bolsa, “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylypdyr.
“Deňiz adamlary” sebäpli Krit, Miken medenýetiniň pese düşen döwrem, Ogugusyň Fiw şäherini gurduryp, Beotiýa welaýatyny “oguguslar ýurdy” diýip yglan eden döwrem oguzlaryň – öküzleriň – turlaryň ilki Öküz derýasynyň (häzirki Tejen derýasy), soň Oks derýasynyň (häzirki Amyderýa) boýlaryndan örňäp, Oguzlar deňziniň, ýagny, häzirki Aral deňziniň degrelerine aralaşan döwürlerine, miladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlaryna, III müňýyllygyň başlaryna gabat gelýär. Türki halklar bolsa, bilşimiz ýaly, Kiçi Aziýanyň üsti arkaly arap, semit, ýunan, pereň ýurtlary bilen has irki zamanlardan bäri “iş salyşyp” gelipdirler. Bu taryhy hem jugrafiki giň gerim “Oguznamada” hem öz beýanyny tapypdyr.
Eýsem-de bolsa, şol Ogugus diýilýän serkerde dünýäniň çar künjüne ýörüş een Oguz han, oguguslar bolsa oguzlar bolaýmasyn?
Şu pikirimize goltgy bermek üçin biz 1950nji ýylyň 3-nji fewralynda, AGPI-niň ylmy konferensiýasynda eden çykyşynda alym S. P. Tolstowyň hem oguzlaryň baryp-ha ant eýýamynyň awtorlary tarapyndan “augasiler” diýlip atlandyrylandygyny habar berendigini hem agzap geçmek isleýäris.
Pikirimizi has berkider ýaly şeýle bir Mantyky oýlanma ýol bereliň. Ýagny, eger-de Aleksandr Makedonskiý döwründe ýunanlar Türkmenistanyň häzirki çäklerine gelip, Orta Aziýa Aleksandriýasyny (Isgendergala) gurduran bolsalar, oda olardanam has ir äleme dolan oguzlar ýunanlar ýurdunda oguzlar şäherini gurduryp bilmezlermi? Oguz-türkmen taýpalary seljuk soltanlarynyň ýolbaşçylygy astynda Kiçi Aziýa – Ruma baranlaryndan soň, Marko Polo ýaly dünýä belli syýahatçylar ol ýeri: Türkmenleriň ýurdy” diýip atlandyrypan bolsalar, onda oguzlardan ýaňa ýer çabgalana dönen Beotiýa welaýatyny taryhçylar, syýahatçylar “oguzlar ýurdy” diýip atlandyryp bilmezlermi? XV asyrda Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry, serkerde we döwlet işgäri Baýram han Deli şäheriniň bir derwezesini “türkmen” derwezesi diýip atlandyran bolsa, onda oguzlar ýunanlar ýurdunda gurduran şäherleriniň bir derwezesini “oguzlar derwezesi” diýip atlandyryp bilmezlermi? Aslynda, şu edähet oguzlaryň türkmenleriň gadymdan bäri baran ýerlerinde ýöredip gelen özboluşly ýörelgeleri bolaýmasyn diýip güMan etsek bolmazmyka? Serkerde Makedonsiý şu sebitlere gelende-de Beýik oguz serkerdesi Oguz hanyň ters yzyny çalyp, oňa jogap hökmünde ýörüş edendir diýen ýaly düşünjä iýýanymyzda bolmazmyka?
Elbetde, bu zatlary aňyrýany bilen takyklamagam, tassyklamagam gelejegiň işi. Onda-da biz ýaly höwesjeň däl-de bilermen, alym kişileriň işi. Ýöne, şunda esasy nygtamakçy bolýan zadymyz, miladydan ozalky III asyrda ýaşap geçen, ýaşy iki ýarym müňe-de ýetmeýän, Hun serkerdesi Mode hanyň hiç bir jähtden Oguz han bilen kybaplaşmaýandygy, kybaplaşyp-da bilmejekdigi, Oguz hanyň taryhyň has aşaky gatlaklaryndan gözlenmelidigi. Şeýle hem biz entek “türkiler” atly has üstkiräk gatlaklarynyňam üsti doly açylmadyk taryhy gatlaklaryň astynda “turlar”, “oguzlar” atly has uly, galyňdan-gayň gatlaklaryň ellenmän, diňlenmän ýatandygyna, bu babatda bütindünýä taryhyny öwreniji alymlaryňam, alymlarymyzyňam gelejekde iňňän uly, köp-köp açyşlar etjekdiklerinie, Aleksandr Makedonskiniň, Çingiz hanyň, Demir agsagyň, Napelonyň ýörişleriniň öwrenilişi kimin Oguz hanyň taryhy ýörüşleriniň hem iru-giç jikme-jik taryhy hem ylmy nukdaý-nazardan dogruçyl we doly öwreniljekdigine, umumyadamzat ylmynyň aň baýlygyna öwrüljekdigine, gadymy Ýunan, Müsür, Şumer, Wawilon, Assiriýa döwletleriniň öwrenilişi kimin Oguz han tarapyndan berkarar edilen gadymy oguz döwletiniň, Turan ýurdunyň taryhynyň-da has ykjam öwreniljekdigine ynanýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçmek isleýäris.
Çünki, häzir iň gadymy medeniýet hökmünde ýunan, rim, müsür medeniýeleri öwrenilýän hem bolsa, edebiýatyň, sungatyň iň uly irki hem kämil nusgalarynyň Gündogardan, hususan-da Orta Aziýanyň çäklerinden (Turandan), türki halklaryň ýaýran, örňän ýerlerinden, şol halklaryň medeni miraslarynyň içinden çykjakdygyny ýewropa alymlary bireýýämden bäri tassyklaşyp gelýärler.
Şonuň üçinem, şol uly tutuma öňi bilen biziň özümiziň ýapyşmagymyz özümiziň goşant goşmagymyz gerek. Düýrügip oturman, akyl ýaltalygyna ten bermän, elimiziň, gözümiziň ýetmeýän ýerlerini aňymyz bilen sermelemegimiz, seljermegimiz gerek.
Iň bärkisi, mundan dört müň ýyl ozalam Turan atly uly bir ýurtda ýaýnap ýören turlaryň – türkileriň – oguzlaryň – türkmenleriň halk hökmünde dünýä gelen döwrüni, atlarynyň, şahsyýetleriniň ýüze çykan möwritini kimdir biriniň ýüzugra aýdyp goýberen çaklamasyna esaslanyp düýn-öňňine getirjek bolup oturman, gaýtam, ewolýusion ösüşlerini, özgerişlerini, takyk derňemegimiz dünýä möçberinde ykrar etdirmegimiz gerek. Ýogsam ýene-de müň ýyldan soň kimdir biri Metde hanyň, ýagny, Modeniň, hytaý çeşmelerindäki Mao Dun adynyň ortasyna atdan lykda ýa bilgeşländen “Sze” sözünem goşup goýbär welin, ine onsoň oguzlary has ýigdeldesi gelýän kişileriň käbirleri: Oguz han ýigriminji asyrda Hytaý kompartiýasynyň başlygy wezipesinde işlän Mao Sze Dun boaýmasyn diýen soragyň üstünde kelle döwmeli bolarlar we özlerinem, Oguz hanam oňaýsyz ýagdaýa salarlar.

JUMA HUDAÝGULY
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 419 | Добавил: Нawеran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: