18:52
1. Pyragynyň döredijiliginde Azadynyň keşbi

PYRAGYNYÑ DÖREDIJILIGINDE AZADYNYÑ KEŞBI

Beýik Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde atasy Döwletmammet Azadynyň keşbini janlandyranynda syrly aňlatma bilen baglanyşykly: “Bu syrlardan jahan halky ýat gezer” – diýen ýaly setirleri ýaňzydyp goýberýär. Şahyr Magtymgulydan syrly aňlatma hökmünde alnan, şeýle-de okyjylary çuňňur oýlanma sezewar eden bu setir onuň “Atamyň” diýen şygrynda öz beýanyny tapýar. Bu şygryň şu aşakdaky:

Pygamber dostudyr, dosty atamyň

ýa-da

Görmesem sözlemen, oý bilen çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan.
Jaýy jennet içre, gökde şat gezer,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.

ýa-da

Magtymguly gizlin syryň bar içde,
Kamil tapsaň kyl gullugyn serişde.
Magşar güni elbet girer behişte,
Kimse çyndan bolsa dosty atamyň – diýen ýaly käbir setirleri aňastaňyň düýpli işlemegine itergi berýär. Aňastaňyň şeýle düýpli işlemegine itergi berýän esasy mesele bolsa şygryň içinden eriş-argaç bolup geçýän “Syr” diýen aňlatmadyr. Bu “Syr” diýlen aňlatma diňe sözbaşa mysal hökmünde alnan setirde däl-de, şygryň soňky bendiniň birinji setirinde-de gabat gelmek bolýar. Şeýlelikde, “Bu nämäniň alamatyka?” – diýen sowal ýüze çykýar. Bu sowal barada her bir okyjy özüçe pikir agtarýar. Biz hem muny aňastaňymyzda gozgalaň turuzýan oý-pikirleriň netijesinde özümizçe şeýleräk düşündirmegi makul bildik.
Beýik Magtymgulynyň atasyna bagyşlap ýazan bu şygrynyň tutuş özeninde, şeýle-de syrly aňlatma bilen baglanyşykly setirlerinde, şahyr: “Bu syrlardan jahan halky ýat gezer” – diýmek bilen öz atasynyň Ýunus Emre, Mäne baba, Jelaletdin Rumy, Bahawetdin Nagyşbendi, Omar Haýýam, Hoja Ýusup Hemedany, Nesimi, Gulsüleýman ýaly beýik sufistik akyldarlaryň derejesindäki şahyrdygyny aýtmak islän bolaýmasyn. Elbetde, şeýledir. Ol ýöne ýerik “Bu syrlardan jahan halky ýat gezer” diýen setir bilen sazlaşykly utgaşýan:
Jaýy jennet içre gökde şat gezer,
Ýerde hoşwagt ýatar posty atamyň – ýaly jümleleriň örüsini giňeldip:

Magtymguly gizlin syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde.
Magşar güni elbet girer behişte,
Kimse çyndan bolsa dosty atamyň – diýip, ýazan däldir.

Şahyr bu bentde “Magtymguly gizlin syryň bar içde” diýmek bilen özüniň atasy Azady baradaky içki gizlin syryny şu şygryň mazmunyna kybapdaş “Azadym kany?” atly şygrynda has-da aýdyňlaşdyrmak üçin:

Ymamsyz galandyr, metjit-mährabym.
ýa-da

Köňlümiň ummany Azadym kany?
ýa-da

Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,
Münberim azany – Azadym kany?
ýa-da

Tört paslym nar boldy, daglar eridi,
Diriler uçdylar, öli ýöridi,
Giden baryp, Haka maňlaý diridi,
Ilimiň zybany – Azadym kany?
ýa-da

Käpirler bolupdyr, ýygap musulman,
Haka ýalbarypdyr, Hydyr, Süleýman,
Bug bolup göterilen arşa ol umman,
Gökleňiň pälwany – Azadym kany?
ýa-da

Öliler, diriler arza bardylar,
Hakdan bir kelamny ýazyp, sordular,
Çok ýalbaryp, “Goýber” diýip durdular,
Diriler döwrany – Azadym kany?
ýa-da

Mollalar Kuransyz, pirler kör boldy,
Sahyplar Kurany – Azadym kany?
ýa-da

Azadyny, bak, biiman eýlediň –
Namysym, imanym – Azadym kany? – ýaly bentleri ýazýar.

Bu bentlerden görnüşi ýaly, Magtymguly atasyny köňlüniň ummanyna, ymamsyz galan metjit-mährabyna, münberiniň azanyna, sahyplar Kuranyna deňeýär. Şeýle-de, şahyr atasy – Azady dünýäden öteninden soňra, garry mollasyz ýaşaýşy göz öňüne getiribilmeýän pirleriň aglamakdan ýaňa kör bolandygyny, kapyrlaryň bolsa ýyglap, musulman bolandygyny dile getirýär. Hut şu mazmunly şygryň käbir bentleri göräýmäge fantastiki meňzetmelere çalymdaş äheňli bolsa-da, aslynda beýle däl. Şahyr şol bentleriň üsti bilen atasy – Azadynyň ylahy gudratyny açyp görkezýär. Atasy dünýäden aýrylanyndan soňra, Magtymgulynyň özi hem mertebesiniň öňünde ejizleýär we atasy ýaly ylahy gudratly, ylahy güýçli şahsyýet tapmajakdygyna göz ýetirip:
Magtymguly gizlin syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde – diýip nygtaýar. Şahyr bu şygryň üsti bilen atasy ýaly kämil tapsa, hyzmatynda gulluk kyljakdygyny aýdýar. Diýmek, Döwletmämmet Azadyda ylahy gudratyň, ylahy güýjüň bardygy şübhesizdir. Şübhesizdigini bolsa onuň şahyr ogly Magtymguly Pyragy:
Görmesem söýlemen, oý bilen çenden – diýip, has-da aýdyňlaşdyrýar. Magtymgulynyň öz atasynyň – Azadynyň içki dünýäsini hem-de daşky keşbini şeýle ýokary derejede açyp görkezýändigine garamazdan, onuň:
Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň – ýaly setirlerine-de gabat gelmek bolýar. Şahyr bu setirlerde “Ýarysy melekden, ýarysy jyndan” diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýarka? Bu setir köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, olaryň aňastaňynda dürli oý- pikirleriň gozgalaňyny turuzýan bolsa gerek. Ýöne Döwletmämmet Azadynyň Hakdan içen adamdygynyň hakdygyny, onuň “Wagzy – Azat” poemasynda ýerleşdirilen şu aşakdaky:
Hak ýaratdy, gözel ýüzli är meni,
Ýoldaş bolup, maksada eltdim seni – diýen mesnewisinden-de görmek bolýar. Mundan başga hem Döwletmammet Azadynyň şu aşakdaky:

Kim ýansa yşk oduna,
Dünýäden elin üzer.
Hakdan gelen belaga,
Sabyr ähli ýaňlyg dözer – ýaly jümlelerden ybarat bolan “Üzer” atly murapbagy-da, onuň Hakdan içen, Hakdan halatly sufistik şahsyýet bolandygyny tekrarlaýar. Döwletmämmet Azadynyň beýik şahsyýetlilik aýratynlygy barada ogly Magtymgulynyň dürdäne şygyrlary bilen öz pikirimizi berkitmek üçin ýazan setirlerimizi tassyklaýan belli beýik rus alymy A.N.Samaýlowiçiň: (M. Kösäýew, B.Şamyradow, O.Ýazymow, N.Çaryýew dagynyň bilelikde ýazan “Edebiýat 8” okuw kitaby, 1985-nji ýyl, sah. 101.) “... Türkmenleriň dürli tirelerinde maňa belli bolan şahyrlaryň arasynda Magtymgulynyň kakasynyň mertebsinde goýar ýaly bir adam hem ýok” diýen sözlerini şu işimizde ýerleşdirmegi makul bildik.

Toýly JÄNÄDOW.

• Çeşme:

1. Toýly Jänädowyň 2009-2010-njy ýyllarda ýazan "Döwletmämmet Azadynyň çeper pikirlenmesinde sufizm jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdiriji ideal güýç hökmünde" atly ylmy işiniň "Pyragynyň döredijiliginde Azadynyň keşbi" atly birinji baby.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 30 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]