12:17
1960-70-nji ýyllar we Annasoltan
1960-70-nji ÝYLLAR WE ANNASOLTAN

Altmyşynjy ýyllaryň onýyllygam, ýetmişinji ýyllaryň onýyllygam biziň edebiýatymyzda uly zehinleriň gelip goşulan döwri boldy. Şeýle zehinleriň birem, ömri pajygaly tamamlanan, şahyr gelin Annasoltan Kekilowadyr. Haçan-da men Annasoltanyň goşgularyny agtaryp ýörkäm, tankytçy Saýlaw Myradowyň arhiwinden onuň 1968-nji ýylda çap edilen ''Gara saçlarym'' atly çaklaňja ýygyndysyny tapdym. Saýlaw Myradow Annasoltanyň bu kitapçasyny tutuşlygyna okap çykypdyr. Onuň ýygyndydaky her goşga diýen ýaly eden bellikleri hem muňa güwa geçýär. Saýlaw Myradowyň şol kitapçanyň bir sahypasyna ýazan iki agyz jümlesi meniň ünsümi çekdi. Tankytçy şol sahypa: ''Şujagaz gyzda bir zat bar-how!'' diýip ýazan eken. Men ol jümläni gaýta-gaýta okadym... Dogrusy, bu setirler onuň göwniýetmezçiligi däldi, eýsem bu tankytçynyň bir üýtgeşik zadyň üstünden barandygynyň alamatydyr, şu pursatda täze zehiniň üstüniň açylandygyna onuň gözýetirmesidi.
Annasoltanyň özboluşly zehindigini köpler bilýärdiler. Ýöne gynansak-da, bu hakda hiç kim dil ýarmady. Şol ýakymly sözleri eşitmänem ol bu dünýeden gitmeli boldy.
Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Köpetdagy etekläp oturan Köşi obasynda eneden doguldy. Hut şol ýerde-de ol öz çagalygyny geçirdi. Heý, çagalyk döwri ýaly hem gyzykly zat bolup bilermi? Ol hem edil beýleki gyzjagazlar ýaly gulpajygyny tasadyp, gurjak oýnady, ''gizlenpeçek'' oýnady. Goňşy aýallar pamyk ýalyjak akja gyzy heniz hem ýatlaýarlar.
Gör, ol bu goňşularyň näçesiniň ''elini owkalapdyr, aýaklaryna çykyp beripdir''.
Ençeme ýyllap olar bilen goňşuçylykda oturan adamlar Annasoltanyň ejesiniň öz gyzyny ''Daglarbaşy'' diýip söýendigini gürrüň berýärler. Ogulgerek eje öz gyzyny daglara deňäpdir. Ýok, ol öz ýakasyny daglardan-da ýokary goýupdyr. Daglarbaşy. Belkäm, bu diňe bir enäniň gyzyna bolan söýgüsi däldir, belkäm, bu enäniň öz gyzynyň zehinine, onuň ertirki gününe bolan ynamydyr.
Ine-de men Annasoltanlarda otyryn. Kiçeňräk howly. Howludaky agaçlaryň hemmesini diýen ýaly Annasoltan hut öz eli bilen oturdupdyr. Idegsiz galan ol agaçlaryň köpüsi gurapdyr, birnäçesi bolsa indi gurap başlapdyr. Palçykdan salnan üç otagly jaý. Olaryň sag çetkisi Annasoltanyň öz otagy bolupdyr. Otag polsuz, ýer endigan suwalan. Eýlesi-beýlesi iki ädim bolan bu kiçijik otaga zordan bir stol ýerleşdirilipdir. Gapdalda bolsa ulanmadan galan bir peç dur. Bu stoluň başynda Annasoltan özüniň ençeme eserini döredipdir.
Annasoltanyň ata-babalarynyň oturumly ýeri, şu Köşi obasy bolmaly. Onuň asly Aşyr keçjelerden. Annasoltanyň kakasyna Seýit diýer ekenler. Ol Aman we Şaly Kekilowlaryň iň uly dogany. Seýidiň üç gyzy bolup, Annasoltan olaryň iň körpesidir.
Annasoltanyň kakasy Seýit agajet, gujurly adam eken. Ol altmyşynjy ýyllaryň ahyrynda aradan çykypdyr. Annasoltan kakasy ýogalanda ''Meniň göreçlerimde kakam ýaşaýar'' atly goşgyny döredýär.

Olar ýola düşdi, barýarlar, ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan,
Merdiwany alyp barýar gerçekler,
Biliň, meniň ömrüm size bendiwan.

...Göz öňümden ýitip barýar tabydyň,
''Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!''-

diýip, gussaly pursaty beýan edýän setirleri biperwaý okamak mümkin däl.
Annasoltanyň ejesi hakda biz ýokarda ýatlapdyk. Aýdyşlaryna görä, Ogulgerek eje-de şahyrana aýal bolupdyr. Kämahallar onuň özi hem goşgy sanaberer ekeni. Enäniň terbiýesi onuň şahyranalygy bilen eýlenip gyzyna geçipdir diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Annasoltanyň ejesi hakda goşgy görnüşinde ýazan haty saklanyp galypdyr.
''Sen maňa erteki ýaly aýdymlaryň bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdim, eje jan. Sen meni gök asmanyň astynda öz pataň bilen uzak ýollara atardyň. Şonuň üçinem seniň öňüňde dyza çökýärin...''
''Ýaňy göze görnende'' ýetimligiň dagy bilen daglanan gyzyň uly maşgalanyň keşgini öz gerdeninde çekmeli bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ol ejesine goltgy bermäge, doganlaryny rahatlandyrmaga çalyşýar. Gyzlaryň iň ulusy Dursun daýzanyň ''Ol körpe-de bolsa, biziň iň ulymyz ýalydy'' diýip aýtmagy ýöne ýerden däl. Kakalary ýogalanda ýazan goşgusynda:

Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,
Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň jigilem, rahatlan, enem,
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar -

diýmegi, ýaş gyzy däl-de, ençeme kynçylygyň başyndan geçiren aýal maşgalany ýadyňa salýar. Ejesinden rahatlanmagy haýyş edip, ''jigilerine'' aglamaň diýmegi (bu ýerde onuň ''jigilem'' diýýäni, özünden uly gyz doganlary) Dursun ejäniň aýdanlarynyň köstsüz hakykatdygyny subut edýär.
Ol köp kynçylyklar bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Emma oňa bu ýerde ''arkaýyn'' okamak miýesser etmeýär. Ony dürli sebäpler bilen okuwdan çykarýarlar. Soňra her niçik hem bolsa ony okuwyna dikeldýärler. Elbetde, okuwynyň dikeldilmegi gowy zat, ýöne bu barybir döwlen göwnüň seýiklenendigini aňlatmaýar. Annasoltan diplomyny alandan soň, iki ýyllap mugallymçylyk edýär. Şu ýyllarda hem onuň radioda okan käbir ''syýasy taýdan yrga'' goşgulary üçin ''ýokaryk'' çagyrýarlar. Ol ''Mydam taýýar'' gazetinde işläp ýörkä hem ''dürli sebäpler'' bilen arzasyny berip işden gitmeli bolýar...
Ýöne 29 ýaşly Annasoltanyň 1971-nji ýylda dälihana düşenden soňky gören görgülerini ýatlasaň, ondan öňki kynçylyklar asla hiç bolup galýar diýen ýaly.
Ýogsa-da Annasoltan dälihana näme sebäpli düşdükä?
Ol dälihana düşmezinden ozal, Angliýanyň Moskwadaky ilçihanasyna özüniň şol ýurda geçmegine rugsat edilmegi hakda arza ýazýar. Hut şol günden beýläk hem ol Döwlet howpsuzlyk komiteti tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Annasoltan Angliýa geçermidi-geçmezmidi belli däl, ýöne barybir Sowet Soýuzy oňa beýle etmäge rugsat bermezdi. Bu hereketiň 70-nji ýyllarda nähili kabul edilendigine bu gün biziň hemmämiz oňat düşünýäris.
Meniň elimde bir gymmatly dokument bar. Bu dokument Annasoltan Kekilowanyň ''keseliniň taryhy''. Onuň bir çüňkünde ''gizlin'' diýlip möhür basylypdyr. Dokumentdäki ýazgyny bolşy ýaly getirýärin. ''...ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyň XXIV gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuň üçinem DHK-niň gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlaryň konsultasiýasyna eltildi we olar Kekilowanyň şizofreniýeden azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi''.
Diňe wraçlaryň däl, asla medisinadan başy çykmaýan her bir adamyň hem ýokarky sözler bilen şizofreniýäni delillendirip bolmajakdygyna akyly çatýan bolsa gerek. ''Keseliň taryhyndan'' görnüşi ýaly Annasotanyň arza ýazmagy, Angliýa gitmäge rugsat soramagy onuň ruhy taýdan näsagdygyna şübhelenmäge esas beripdir. Geliň, düşünişeliň. Eýsem-de içimizde özümizi biynjalyk edýän meseleler hakda arza ýazýanymyz azmy näme? Annasoltanyň arzasynyň bir üýtgeşik tarapy ol partiýanyň XXIV gurultaýyna niýetlenilipdir, galyberse-de, onda 70-nji ýyllardaky respublikanyň ýolbaşçylary köteklenýär. Üstesine Annasoltan öz arzalaryny käbirleriniň edişi ýaly golsuzam ýazaýmandyr. Ýogsa şol döwürler golsuz arzalara-da seredilýärdi ahbetin. Ikinji bir ýagdaý, ol Angliýa gitmäge rugsat sorapdyr. Bu bolup bilmejek zatmy? Eýsem şol ýyllar daşary ýurda gidenler azmy? Ýokarky ''keseliň taryhynda'' aýdylýan zatlary esas edip alsak, onda biz gaty köp adamyň saglygyna şübhelenmeli bolarys. Saharow, Solžonisin we ýenekiler... Olar daşary ýurda-ha bir gitdiler, üstesine kommunistik partiýamyzyň nädogry syýasaty hakda diňe arzalar däl, eýsem uly-uly kitaplar ýazdylar.
Annasoltanyň respublikadaky kemçilikleri tankytlananokmy, diýmek, bu onuň gowulaşandygyny aňladýar. Ol ''ýumşaýar, gahary ýatyşýar, maşgalasy hakda pikirlenýär''. On aýlap keselhanada ýatyp çykandan soň (ol az wagt geçensoň ýene-de dälihana salynýar) wraçlar Annasoltana şeýle häsiýetnama beripdirler: ''Näsag dälilikden saplandy... dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy''.
Bu hem öňki ''keseliň taryhy'' bilen baglanyşykly setirleriň üstüni ýetirýär. Bu ýerden gelip çykýan mana görä, Annasoltan diňe respublikanyň Kommunistik partiýasyny tankytlamadyk halatynda ''dälilikden'' saplanyp bilýän eken.
Ýogsa-da, näme üçin ''keseliň taryhynda'' Annasoltanyň Kommunistik partiýanyň nädogry syýasatyna bolan garaýşy aýratyn çintgelýärkä?
Bu düşnükli zat. Annasoltan ''Merkeze'' ýazan hatlarynda hemişe respublikanyň Kommunistik partiýasynyň nädogry syýasatyny tankytlapdyr. Bu hatlara jogap hem bermek gerek ahbetin. Ýokarda getirilýän zatlar muňa jogap tapmagyň iň ýeňil ýoly bolup hyzmat edýär. Ol jogaby şeýleräk äheňde düzmek mümkin: ''Annasoltan Kommunistik partiýany tankytlaýar. Ýöne onuň akyly kemter. Şonuň üçinem muňa üns bermek hökman däl''.
Hatda munuň bilenem kanagatlanylanok. Ondan hem aňyrrak geçilipdir. Bu düşünjäni Annasoltana-da makulladypdyrlar we ''biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy'' diýen hyjuwly setirleri dokumente girizipdirler. Ýöne ''Syýasata baş goşup hakykaty gözlemeginiň...'' diýen jümläni ýazmak bilen bu dokumenti dolduran adamlar özleri düşünmän onuň hakykaty gözleýändigini boýun alypdyrlar.
Hawa, ol on aýdan soň keselhanadan çykarylypdyr. Ýöne bu erkinlik uzaga çekmändir. Syýasat bilen baglanyşykly göwnemakul bolmadyk hereketleri üçin ony ýene-de öňki durmuşyna gaýtaryp getiripdirler.
Birnäçe wagt geçenden soň, onuň şizofreniýeden azap çekýändigi hakda Moskwadan berlen kesgitleme bilen onuň ''keseliniň taryhynyň'' üsti ýetirilipdir.
Şeýlelik bilenem ol ömrüniň ahyryna çenli dälihanada bolmaly bolupdyr. Bu ýerde saklanylmagyna onuň özi, doganlary, ogly, ejesi garşyka Annasoltany ''uly alada'' bilen hiç ýere goýbermändirler, 12 ýyllap ''yhlas bilen bejeripdirler''. Ýöne näme üçin Annasoltany ''bejerip bilmedilerkä?'' Näme üçin Annasoltan hut keselhanada gözüni ýummaly boldy?
Bu gün onuň ruhy näsaglygy hakda Moskwadan berlen kesgitleme-de, hut şu günlerem käbir wraçlaryň ''ol dogrudanam kesellidi'' diýip gaýtalaýan sözlerem Annasoltany direldäge-de getirip medisina barlagyndan geçirip bilmeýändigimiziň ajy ahmyry bolup galýar.
Öz sözüni aýtdyrmajak bolup, kemçilikleri tankytlatdyrmajak bolup, Kommunistik partiýanyň syýasatynyň nädogry däldigini boýun aldyrjak bolup oňa 12 ýylyň dowamynda içirilen dermanlary, tenine her günde üç wagtyna urlan ukollary göz öňüne bir getirip görüň. Muňa biziň haýsy birimiz çydam edip bilerdik? ...
Näsaglaryň gündelik ýagdaýlary hakda bellik edýän wraçlaryň Annasoltan babatda ''ol henizem näsaglykdan saplanmandyr, ''men keselli däl'' diýip irginsiz gaýtalaýar'' diýen ýazgysyny okap başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň.

Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum, men bir suwa düşeýin -

diýip, ýangynly setirleri galdyryp giden maşgalanyň çylşyrymly ykbalyna biz belkem, henizlerem doly düşünýän däldiris. A belkäm köpümiz ''halykatdanam ol däli bolaýmasyn, onuň dokumentleriň bar-a'' diýip oýlanýandyrys.
Ol hemişe agyr ýagdaýdan çykalga gözleýär, dogrusy birnäçe gezek keselhanadan gaçýar. Ýöne gaçyp nirä gitjek. Onuň bu synanyşyklary hemişe netijesiz tamamlanýar. Ony ilki Köşidäki keselhanada saklaýarlar. Soňra Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, Moskwadaky keselhanalarda ýatmaly bolýar. Moskwadaky keselhana ibermeklerini onuň özi talap edýär. Çünki ol ýerde öz diagnozynyň aýrylmagyna kömek etmekleri mümkin diýen umytda bolýar. Bu-da başa barmaýar. Soň ony ýene-de Aşgabada iberýärler.
Annasoltan öz ýazgylarynda ejesini häli-şindi ýatlaýar. Ol gelip penjiräniň öňünde uzak wagtlap oturýan eken, käteler bolsa şol ýerde daňyny atyrypdyr: Ol Annasoltan keselhana düşenden soň, uzak wagt geçmänkä aradan çykypdyr.
Annasoltan 19 ýaşynda durmuşa çykýar. 1962-nji ýylda, ýagny ýigrimi ýaşynda ogly bolýar. Oňa Ýagmyr diýip at dakýar (ony häzir Robert diýip atlandyrýarlar). Oglunyň dünýä inen günleri Annasoltan ''Perzent'' diýen goşgusyny ýazýar.

Akuşerka daýza,
Meniň çagaly
Getirsene bäri,
Göremok häli,
Getirdiňmi? Sag bol,
Mähriban daýza.
Hany meniň gujagyma bersene!
Salam!
Dünýä inen ýaşajyk çaga!
Enelik borjuny bagş etdiň maňa-
diýip, Annasoltan öz durmuşynda örän seýrek bolan bagtly pursatynda perzendiniň öňündäki borjuny ýatlaýar.
Annasoltan durmuşynyň agyr minutlarynda hem özüniň enelik borjuny unutmaýar. Ol ogly hakda irginsiz alada edýär. Birnäçe gezek ogluny görmek üçin keselhanadan gaçypdyr. Köplenç halatda-da, onuň paltasy daşa degipdir. Ogly Moskwa şäherindäki 6-njy internatda okaýarka, ol ýere birnäçe gezek hat iberipdir. Oňa üns bermegi terbiýeçilerden haýyş edipdir, okuwdan başga zatlar bilen meşgullanyp ýörmezligi ogluna sargapdyr. Ogly 7-nji klasda okaýarka Aşgabada gelip, hut öz ejesini alyp gaçmagy gurapdyr.
Annasoltan öz-özi bilen derdinişipdir. Ak kagyza derdini döküpdir. Öz gussasyny ýazgylaryna, goşgularyna siňdiripdir. Iň ýönekeýje zatlardan özüne hemaýat gözläpdir. Annasoltanyň örän öndürijilikli işlän awtordygyny bilýäris. Ýaşlygyna garamazdan roman ýazmaga synanyşandygyndan, üç sany ulanylmadyk kinossenarini döredendiginden habarymyz bar. Keselhana girmezinden ozal ençeme hekaýalary gazet-žurnallarda çap edilipdir. Şeýle hem onuň ''Gara saçlarym'' (1968 ý), ''Zenanlar'' (1971 ý) atly iki sany goşgular ýygyndysy dünýä inipdir. Moskwa şäherinde çapdan çykarylan zenan şahyrlaryň kollektiw ýygyndysyna hem onuň rus diline terjime edilen goşgularynyň ençemesi girizilipdir. Keselhana düşende Annasoltanyň 29 ýaşy bar eken we ýokarky sanan zatlarymyzyň hemmesi onuň şondan öňki döredijiligine degişli. Munuň özi Annasoltan Kekilowanyň köptaraply zehininden habar berýär.
Elbetde, şahyryň goşgularyna düşünmezden, poeziýasyna doly aralaşmazdan, onuň durmuşyna hakyky manysynda göz ýetirmek mümkin däl. Annasoltanyň poeziýasynyň liriki gahrymany örän agyr durmuşy başdan geçirýär, ol kyn, ejirli ýollary külterlemeli bolýar. Liriki gahrymanyň çylşyrymly ykbaly, mümkin awtoryň öz ykbalyndan üzňe däldir, sebäbi aşakdaky setirler şahyryň hut öz ýüreginde syzylyp çykýar ahbetin:

Ol gün ýel ösdümi ýa-da gar ýagdy,
Kim maňa at goýdy, kim pata berdi.
Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä,
Bilmän haýsy ene meni dogurdy...

Giň dünýäde nägile sen bar zatdan,
Bir hossarsyz naçar köçede galan.
Soň men öldürildim...
... Ölüp ýaşadym...

Ýöne bu setirlere liriki gahrymanyň ejizligi diýip düşünmek nädogry bolardy. Kä pursatlarda şeýle gapma-garşylykly pikirleriň döremegi tebigy zat. Hemişe, ahyrky netijede liriki gahryman öz-özüni köşeşdirmegi başarýar. Diňe bir köşeşdirmegem däl, eýse ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, özüni göreşe atarmaga güýç, gaýrat tapýar.

Eger-de meň boljak bolsa duşmanym,
Aždarha dek belent bolsun dünýäde,
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüňi oklanyň oda.

Ýa bolmasa aşaky setirde:

Göýä bir gyş güni
açylan gül dek
Aňzak bilen göreş etdim,
Açyldym -

diýip, pikir öwürýän liriki gahrymanyň kalbynyň bir künjünde nähilidir bir ynam, hiç haçan synmajak batyrgaýlyk ýaşaýar.
Dogrudan-da, Annasoltan Kekilowanyň liriki gahrymany ilkinji nobatda göreşiji, uly şahsyýet hökmünde ýadyňda galýar. Onuň pikirleri bialaç seniň ünsüňi çekýär, özüňi hem oýlanmaga mejbur edýär. Şu ýerde onuň ''Gargalar'' atly goşgusynyň üstünde aýratyn durup geçmekçi. Bu goşgy onuň şygyrlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri.

Asmanda çaknyşyp sowuk bulutlar,
Güýçli ýel sygyryp, gök köwsarlaýar,
Meň kalbymda bolsa uçgun tutaşyp,
Ýanyp duran küre ýaly lowlaýar.

Azaşan ýol tapman doňak tokaýda
Dodaklarym kepäp
Ýalaýan gary.
Ýüregim gabanok,
Ýene men teşne,
Gaçyp ýör depämde gara gargalar,
Soraýan olardan:
- Nirede çeşme?

Bu setirlerden görnüşi ýaly, liriki gahryman azaşýar, çeşmä barmaga ýol agtarýar. Oňa ýol salgy berýänem gara gargalar. Okyjylara gara gargalaryň obrazy düşnüklidir. Gargalar gyza öz dillerinde bir zatlar diýýärler. Gyzyň göwnüne bolmasa, olar ''Gozleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok'' diýýäne çalym edýär. Emma ol umytdan düşmeýär.

Gargalar tokaýdan
Ugradyň meni -

diýip, özüni ýola salmagy haýyş edip gargalara ýüzlenýär. Her niçikde bolsa gyzyň garaşany çykmaýar. Ýöne şonda-da liriki gahryman:

Ol gargalar meni
Görýänem däldir -

diýip, gargalary günäkärlemeýär. Gaýta ol:

Ýöne henizlerem ýatlap gynanýan,
Düşünemok gargalaryň diline -

diýip, hemme zady öz üstüne alýar, gargalaryň diline düşünmeýändigi üçin öz-özüni günäkärleýär we seniň öňünde bir gez beýgelýär. Bu ýerde liriki gahryman öz çuňňur garaýşy, pikirlenmeleri, adamkärçiligi bilen uzak wagtlap ýadyňda galýar.
Gürrüňimiziň gönüden göni Annasoltanyň poeziýasyna syrygandygy üçin, onuň ynsan we tebigat hakdaky oý pikirleri babatda hem durman geçmek nädogry bolardy. Şahyryň liriki gahrymanyny hemişe adamlaryň birek-biregiň ykbalyna bolan biparhlygy ynjalyksyzlandyrýar.

Adam gussa çekýär, daralýar dünýä
Bulutlaň içinde Aý tutýar ýasy.

Bu setirlerden awtor ilki bilen adam gussasyna tebigatyň biparh däldigi hakyndaky gürrüňlere ünsüňi çekýär. Dogrudan hem ''pylanyň ýogalan güni uzakly gün tupan turdy'' diýen ýaly jümleleri il arasynda eşidýäris. Ýöne Annasoltanyň liriki gahrymany bu babatda başgaça pikir öwürýär.

Adam aglamasa adam derdine,
Tebigat biz üçin çekermi gamy.

Şahyr ol ýa-da beýleki zady hertaraply seljermegi başarýar, näme hakda ýazýandygyna garamazdan çuňňur pikirlenýär, şahyrana oýlanmalary bilen seni özüne bendi edýär. Biz tutuş ýyllaryň dowamynda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan näbelli esgerlere ýadygärlik dikip, olaryň öňünde baş egip geldik. Bu gowy zat. Ýöne Annasoltan:

Nesilleň aýdymyn, ädimin diňläp,
Olar üçin baky ýatmak gylykdyr.
Näbelli mazarlaň barlygy bolsa,
Diriler siz üçin masgaralykdyr.

diýýär welin, öz-özünden uýalanyňy duýman galýarsyň. Annasoltan Kekilowada güýçli şahyrana duýgurlyk bar. Şu ýerde ýekeje tymsal aýdasymyz gelýä.
Bir masgarabaz şowsuzlyga uçraýar. Şol günem halkyň öňünde onuň çykyşy bar. Masgarabaz il adamsy. Ol öz gussasyny unudyp, halkyň göwnüni götermeli. Masgarabaz çykyş edende muny başarýaram. Tomaşaçylar onuň her bir hereketine erinlerini gulaklaryna ýetirip gülýärler. Emma şol ýerde Annasoltan oturan bolsa, masgarabazyň gözlerindäki gam-gussany bada-bat syzardy. Onuň içki dünýäsini susup alardy. Diňe şeýle ýürekden:

Biziň gapymyzda daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy bar -

diýen setirler çykyp biler.
Onuň söýgülisini wasp edişi hem inçeden özboluşly.
Köp şahyrlarda liriki gahrymanyň ýaryna bolan söýgüsi ony bu dünýä, ýaşaýşa ruhlanşyrýan bolsa, Annasotanyň liriki gahrymany tersine, bu dünýädäki zatlara bolan söýgüsi bilen ýaryna ýakynlaşýar.

Seň ýanyňdan çykyp gaýtdym hoşlaşyp,
Syzyp duşuşygyň süýji lezzetin.
Şol gün seň mähriňe gark etdi meni,
Bu giň dünýä,
Giden umman -
Gözýetimi.

Annasoltan Kekilowanyň goşgulary millilige ýugrulan. Ol öz goşgularynda milli zatlary juda belentde goýýar, şol sanda türkmen gyz-gelinleriniň egin-eşiklerine-de uly sarpa bilen seredýär. Häzirki döwürde, hemme kişi millilik hakda aýdyp bilýärkä, mümkin, bu zatlar ýönekeý görünse-de görünýändir, ýöne hiç kimiň bu hakda dil ýaryp bilmeýän wagtynda aşakdaky ýaly liriki setirleriň dünýä inmegi Annasoltanyň goşgularynyň gymmatyny artdyrýar.

Ýarym maňa akja ýaglyk hödürläp,
- Al öýmäňi atynma - diýip, ýalbarma,
Gyzyl, ýaşyl ketenimi söýmeseň,
Özümi-de ''söýýän'' diýip gül berme.

Onuň poeziýasynda uly orun eýeleýän milli buýsanç gözgiderlik derejede ösen. Annasoltan türkmeniň haýsy bir zady hakda gürrüň etse ony söýdürmegi başarýar:

Güýz gelende al öýmäme syn edip,
Gök asmandan ak durnalar ötendir.

Hol aşakda duran türkmen gyzynyň başyndaky al öýmesine geň galyjylyk bilen seredip, boýnuny süýndirip barýan durnalar bu setirleri okan badyna bialaç göz öňüňe gelýär. Bu ýerde obrazlylyk örän ýerlikli ulanylypdyr. Ol goşgynyň bütin durkuna özboluşly öwüşgin çaýýar.
Annasoltan diňe millilik ýa-da şuňa meňzeş beýleki zatlar babatda däl, eýse aýdylmagy örän hatarly bolan pikirleri hem goşgularyna salmakdan çekinmeýär. Ol:

Wyždan kemsidilýän şeýle mekanda -

diýip, dogruçyl ýaşamagyň ýeňil bolmadyk döwründe hem mertlik bilen orta çykýar. Biz şol ýyllaryň görkezen güzaplary barada bu gün diňe başymyzy ýaýkap gürrüň edýäris. Ýöne okyjylar liriki gahrymanyň bu jümlesini onuň öz mekanyna bolan ýigrenji diýip kabul etmeli däldir. Bu ýigrenç ynsanyň wyždanyny kemsidip, şol mekanda ýaşap ýören betpygyl adamlara gönükdirilendir. Liriki gahrymanyň öz mekanyna, ýurduna bolan söýgüsi çäksizdir, belentdir:

Maýsa kösüklände gülli sährada,
Günden sorasynlar meniň derdimi.
Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da,
Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy.

29 ýaşyna çenli şeýle ajaýyp setirleri döredip, olary okyjylara ýetirmegi başaran Annasoltan Kekilowa keselhana düşenden soň hem galamyny taşlamandyr. Dört diwara gabsalan, daşky gözellikden mahrum edilen şahyra galamyň ýalňyz hemra bolandygyny aňlamak kyn däl. Ol özüniň ''Akja kebelege ýüzlenme'', ''Garagol oglanjyk'', ''Bagt guşum'' we ýene-de birnäçe goşgularyny ömrüniň ahyrky günlerinde hut keselhanada döredipdir. Eger ol 1982-83-nji ýyllar aralygynda ondan gowrak goşgy ýazan bolsa (bu getirilýän san hem anyk däl, bular diňe onuň goşgularyndan saklanyp galany), onda 1971-81-nji ýyllar aralygynda döreden goşgusy hem az-küş däldir. Ýöne şu döwürde ýazylan goşgularyň hiç birini tapmak başartmady. Ortanjy aýal doganlary Kiçiniň gürrüň bermegine görä, Annasoltan goşgudan doly bir düwünçegiň Moskwa ibermegi haýyş edipdir we oňa bir adres beripdir. Kiçi Annasoltanyň haýyşyny kanagatlandyryp, goşguly düwünçegi şol adrese ugradypdyr. Soň ol adres ýitipdir hem-de wagtyň geçmegi bilen Kiçi daýza şol adresiň nähilidigini ýadyndan çykarypdyr. Düwünçege salnyp iberilen şol goşgular mümkin, geljekde bir ýerlerden tapylar.
Annasoltanyň keselhana girmezinden ozal döreden goşgularynyň birnäçesi aýdyma öwrüldi. Onuň ''Gözellik gyzlaryň baky mirasy'' diýen aýdymyndan orta nesliň habary bardyr. Şeýle hem zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetiren:

Bahar güller açanda,
Saýrap guşlar uçanda,
Güneş nurun saçanda,
Janym gözledim seni -

diýip başlaýan ''Gozledim seni'' diýen aýdymy ençeme ýyllaryň dowamynda diňleýjileriň söýgüsini gazandy.
Annasoltany ýakyndan tanalýan adamlaryň gürrüň bermegine görä, ol keselhanada diňe bir goşgular döretmek bilen çäklenmändir, mahal-mahal gaýma-da gaýapdyr, keşde-de çekipdir. Şeýle işleri ýerine ýetirmek bilen, belkäm, Annasoltan öz-özüni köşeşdirendir, olary agyr durmuşdan ünsüni sowmak üçin güýmenje edinendir.
Onuň keselhanada geçiren 12 ýylynyň dowamynda ýokary edaralaryň dürli jogapkär işgärlerine ýazan hatlarynyň ençemesi saklanyp galypdyr. Orta atylýan meseleleriň wajyplygy taýyndan ol hatlaryň uly ähmiýeti bar.
Annasoltanyň keselhanadaky döwründen galan goşgularyň köp bölegi rus dilinde. Töwerek-daşyny akly kemter adamlaryň gurşap alan halatynda, işlemek üçin hiç hili şertiň ýok wagtynda onuň rus dilinde çap etdirmek üçin özbaşdak goşgular ýygyndysyny taýýarlamagy, şahyr gelniň zähmetsöýerligine bolan hormat duýgusyny döredýär. Hawa, Annasoltan bu ýygyndysyny hut keselhanada taýýarlapdyr we onuň ýüz sahypadan gowragy elýazma görnüşinde saklanyp galypdyr. Ýygyndy awtoryň türkmen dilinde ýazan goşgulary esasynda düzülipdir. Olary Annasoltanyň özi türkmen diline terjime edipdir.
Ýöne onuň rus dilindäki goşgularynyň ençemesiniň türkmençesi ýok. Eger-de Annasoltanyň öz goşgularyny ilki türkmençe ýazyp soňra rus diline geçirýändigini göz öňünde tutsaň, onda bu goşgularyň hem türkmençesiniň bolaýmagy ähtimal.
Onuň keselhanada döreden ''Owganystan'' atly goşgular toplumynyň hem türkmençesi ýitipdir. Bu goşgular toplumy 1982-nji ýylda ýazylan bolmaly. Annasoltan baryp-ha on ýyl mundan ozal, ''ol ýerde hak söweş gidýär'' diýlip tassyklanýan döwründe Owganystanyň durmuşyna dogry baha bermegi başarypdyr. Annasoltan bu goşgular toplumynda ol ýerde nähak ganyň dokülýändigi hakda ýüz görmesizden, aç-açan ýazypdyr. 1989-njy ýylda owgan topragyndan biziň esgerlerimiziň çykarylandygyny Annasoltan görmän gitdi. Ýöne munuň şeýle boljakdygyna ol ynanan eken we onuň bu ynamynam hiç kim syndyryp bilmändi.
Annasoltan çagalar üçinem goşgular ýazypdyr. Öz şygyrlarynda çagalaryň durmuşyna aralaşyşy, olaryň dünýäsini açyp görkezişi şahyryň çagalar temasyndan hem oňat eserler döredip bilendiginden habar berýär. Onuň arhiwinde çagalar üçin ýazylan, göwrümi taýyndan kiçi bolmadyk goşgular toplumy saklanyp galypdyr. Ýöne bu goşgular hem rus dilinde. Olaryň içinde ''Pil we garynja'', ''Samolýot'', ''Kebelekler'', ''Towşanjyk'', ''Arylar'', ''Ol möjek däldi'' ýaly goşgular şowly çykypdyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Annasoltanyň her bir rus dilindäki goşgusynyň türkmençesiniň bolaýmagynyň ähtimallygy üçin, häzirlikçe olary türkmen diline terjime etmekden we bu ýygyndyda okyjylara hödürlemekden saklandyk.
Annasoltan öz goşgularyny üç familiýa bilen ýazypdyr. Olaryň birinjisi - Seýidowa, onuň gyzka göteren familýasydyr. Soňra durmuşa çykmagy bilen ol Ylýasowa familýasyna geçýär. Annasoltanyň Kekilowa familiýasy 1961-68-nji ýyllardan soňky döwre degişli.
Biz Annasoltanyň durmuşyna siňňin ser saldyk, onuň ömrüniň her bir pursatyna edim-gylymyna, häsiýetine hereketine, galdyran ýazgylaryna, garaz oňa degişli bolan iň bir ýönekeýje zatlara-da nazar aýladyk.
Onuň galdyryp giden ýazgylarynyň hemmesem gymmatly. Ýöne Annasoltanyň rus dilinde sözm-söz terjime görnüşde galdyran goşgusy aýratyn-da özüne çekýär.

...Men ýeke däl, başga-da adamlar ýaşaýarlar,
Adamyň nesli mydama dowam edip dur.
Goý, bu gün meň goşgymy okamasalar okamasynlar,
Ýöne döwrüň, adamlaryň islegem, söýgüsem, ykbalam dürlüdir,
Mümkin ertir... üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar,
Hem meni söýer, pikirlerime teşne bolar, goşgularyny okar.
Emma barybir ol meni garry aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.
Menem onuň galyň dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek
üçin mazarymdan çykyp bilmerin.
Şonuň üçinem,
Sen meniň ýaşdaşymmyň, ýa kiçimiň...
Garaz kim bolanda-da..
Kalbymda duýgy oýaranyň üçin,
Minnetdarlyk bildirýärin...

Şeýle setirleri ol ölmeziniň öň ýany ýazyp gidipdir. Bu setirler şahyryň geljekki nesle bolan ýüzlenmesidir. Bu onuň özüniň şygyrlarynyň täze nesle hökmany ýetjekdigine ynamydyr. Ol şol nesli keselhanada ýatyrka hyýalynda görüpdir. Özüni söýýän, goşgularyna teşne bolup okaýan nesle soň men ''minnetdarlyk bildirmek üçin mazarymdan çykyp bilmerin'' diýip, şu setirleriň üsti bilen sag bol aýdypdyr. Bu zatlary beýan etmegimiz şahyry ideallaşdyrjak bolmak däl, eýse bu onuň çylşyrymly, täsin ykbalynyň hakyky sahypasy.
Annasoltanyň dälihanada saklanmagynyň öňümizde ullakan sorag alamatyny keserdip goýşy ýaly, dürli döwürde oňa garşy ulanylan çäreler hem düşnüksizlik döredýär. Ýeri gelende şolaryň birini ýatlap geçmek örän wajyp, 1975-nji ýylyň sentýabrynda Annasoltan babatda bir karar kabul edilýär. Bu karar boýunça ol SSSR Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň 7-nji punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.
Bu ýerde birinjiden-ä, munuň nämä esaslanyp edilendigi nämälim, ikinjidenem, ''ruhy taýdan näsag'' hasaplanýan adam babatda beýle karar çykarmaga hiç bir kanun hukuk bermeýär. Ruhy taýdan näsaglyk we jenaýat jogapkärçiligi birini-birine gapma-garşy gelýär.
Ol her näçe kynçylyk, ejir görse-de mertlik bilen çydapdyr. Keselhana düşenden soň, ol yzygiderli diş agyra, demgysma ýolugýar. Annasoltan öz hatlarynyň birinde ''Meniň gözlerim görmän başlady, ýüregim agyrýar'' diýip ýazypdyr.
Näsaglap gutulan Şeker A. şeýle gürrüň berýär: ''Men Annasoltan bilen bir aýrak bile boldum... Ol görgülini garawullap saklaýardylar... Käte oňa ukol edýärdiler. Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazardy. Onuň ýazan goşgularyny käte dogtorlar ýyrtyp goýbärdiler. Men 1973-nji ýylyň fewralynda keselhanadan çykdym. 1979-njy ýylda medinstitutda okaýan gyzymyň öli adamyň jesedini görüp akyly üýtgedi. Biz ony şol ýerde ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuň saçy çalarypdyr, garrapdyr''.
Ol hemişe öz saglygyndan, erksizliginden ejir çekýär.
''Özümiň ýarawsyzdygymy bildirmejek bolsam-da bolanok...''
''Aşgazanymdyr ýüregiň agyrýar, iki hepdeläp yzygiderli gatnap, dişlerimi bejertmäge mümkinçilik tapdym...''
''Meni hemişe gözegçilik astynda saklaýarlar. Her gün irden halym teň turýaryn. Maňa ýaşamaga ýene-de näçe wagt galdyka? Iň esasy zadam - näbellilik, nämälimlik meniň ýüregimi mynçgaýar'' diýip, Annasoltan dürli döwürde ýazypdyr.
Onuň ömrüniň ahyrky günlerinde ýazan hatlarynyň hem birnäçesi saklanyp galypdyr. Olaryň birinde 1982-nji ýylyň 7-nji oktýabry, ýene birinde 1983-nji ýylyň 24-nji ýanwary görkezilipdir. Ol hatlary okap, ähli kynçylyklara garamazdan, Annasoltanyň özerkli, tutanýerli bolandygyna haýran galýarsyň.
''Men nädogrulyklar hakda ýazman diýip, barybir, hiç kimiň öňünde dyza çöküp ýalbarmaryn''.
1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary Annasoltanyň jesedini keselhanadan alyp gidýärler. Şondan soň keselhanadaky Annasoltana degişli dokumentleriň içinde şeýle ýazgy peýda bolýar. ''Annasoltan Kekilowa oglunyň haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy''

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW

ÖMRÜZAÝA ÝYLDYZYM: Goşgular.

1992.





Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 144 | Добавил: Jeksparro | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 8
1
8 Revo   [Материал]
"Men ölsem-de, ölmez, ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez, ýaşar nesiller,
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy,
Diri, men diri!"

Hakykatyň güýjüniň öňünde ähli güýçleriň asgyndygyny açyp görkezýän ömür ýol.

0
Haý gynanyan welin, name edeýin? Şeydip içinden yumuryarlar da. Iñ gowusyny aradan ayryp, yzarlap, ýanap, şeydip yumuryarlar.

0
Şo wagtlar kicijek bolamsoñ, zada düşünmesemem, şu gurruñ yadymda galdy. Bu bir örän gynancly zat. Bir ejiz naçary gorap bilmandirler. Içinden yumrupdyrlar da garaz

0
5 Jeksparro   [Материал]
A. Kekilowa hakda men Akmyrat Gürgenliniň ''Annasoltan Kekilowa'' hakyndaky makalasyny 2012-nji ýyllarda okap tanap başlapdym.
Annasoltan Kekilowa hakda Sowet Türkmen Ensiklopediýasy (STE) kitapda ömri hakda däl, ady hem agzalmandyr. Diňe Aman Kekilow we Şaly Kekilow hakynda maglumat berlipdir.

0
7 Haweran   [Материал]
A.Kekilowa barada H.Amangeldiñ bir makalasyny goýmagy haýyş edipdim senden, Jek. Köp garaşdyrdyñ, gaýrat edäý şony.

0
Maña ejem kicijekkam, 2_3nji klasdyryn, şu şahyryñ ömri hakda gurrüñ beripdi. Ogly bilen görüşdirmandirler diyip gynanyardy. Men soñ bildim onuñ Annasoltan Kekilowadygyny

0
Ogly hazir barmyka? Niredeka

0
2 Jeksparro   [Материал]
Şu sorag menem gyzyklandyrýar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]